1

1

א

Wah, öň adamdan doly şäher,
indi ýalňyz boşap galdy!
Milletler arasynda beýik bolan
indi dul hatyna meňzäp galdy!
Öň welaýatlaryň melikesi bolan,
indi gyrnaga öwrüldi!

ב

2

Gijesine zar-zar aglaýar,
ýaňaklarynda gözýaşy.
Oýnaşlaryndan
köşeşdirýän ýok ony.
Ähli dostlary haýynlyk edip,
oňa duşman boldular.

ג

3

Ýahuda köp hasrat we agyr zähmet çekdi,
indi bolsa ýesir edip äkidildi.
Ol milletler arasynda ýaşaýar.
Ol hiç bir dynçlyk tapman,
betbagtlyga uçranynda,
kowguçylarynyň eline düşdi.

ד

4

Siona barýan ýollar ýas baglaýar,
çünki baýramçylygyna gelýän ýok.
Ähli derwezeleri çolaryp galan,
ruhanylary ahy-nala çekýär.
Gaýgy-hasrat çekýär ýaş gyzlary,
özi hem gam-gussa batýar.

ה

5

Ýagylary hökümdar bolýar,
duşmanlary rowaçlanýar.
Ýazygynyň agyrdygy üçin Reb
bu hasraty çekdirdi Siona.
Duşmanynyň öňüne salnyp,
çagalary sürgün edildi onuň.

ו

6

Sion gyzynyň ähli şan-şöhraty gaçdy.
Ýolbaşçylary öri tapmaýan keýik kimindi,
kowguçylardan gaçmaga mejallary ýokdy.

ז

7

Hasratly hem sergezdanlyk gününde Iýerusalim
öňki günlerdäki eýe bolan baýlygyny ýatlaýar.
Halky duşmanyň eline düşende,
hiç kim oňa kömek etmedi.
Ol ýer bilen ýegsan bolanda,
duşmany üstünden güldi.

ח

8

Iýerusalim agyr günä etdi,
şeýdip, ol gülki boldy.
Öňki sylaýanlar ýalaňaçlygyny görüp,
indi ony ýigrenýärler.
Munuň üçin onuň özi ah çekip,
hemmelerden ýüzüni gizleýär.

ט

9

Iýerusalimiň ahlaksyzlygy etegindedi,
gelejegi hakda pikir etmedi.
Onuň ýykylyşy aýylgançdy,
oňa teselli berýän ýokdy.
«Ýa Reb, agyr halyma nazar sal,
çünki duşman üstün çykdy!»

י

10

Duşman onuň iň gymmatly zatlaryna el urdy,
milletlere ybadathana girmegi gadagan etseň-de,
Iýerusalim olaryň girýändiklerini gördi.

כ

11

Bir döwüm çörek gözläp,
bütin halky ah çekýär;
täzeden güýje girmek üçin,
hazynalaryny iýmite berýär.
«Ýa Reb, ine, halyma seret,
men nähili dereksiz boldum.

ל

12

Eý, ötegçiler, siziň üçin bu hiç zatmy?
Ine, halymy görüň,
heý-de, meniň başymdan inen
gam-gussa ýaly gam-gussa barmy?
Reb gazapdan dolup lowlan güni
bu hasraty çekdirdi maňa.

מ

13

Ýokardan ot iberip,
süňklerimi köýdürdi;
aýagyma duzak gurup,
meni arkan agdardy;
meni weýran edip,
bütin gün tapdan düşürdi.

נ

14

Günälerim boýuntyrygyma baglandy,
Rebbiň Öz eli bilen işilip,
meniň boýnumdan asyldy,
Ol güýjümi tüketdi;
Taňry meni garşy durup bilmedik
duşmanlarymyň eline berdi.

ס

15

Terk etdi Taňrym ähli urşujylarymy,
goşun çagyrdy gyrmak üçin ýigitlerimi.
Taňry Ýahuda boý gyzyny
üzüm sykýan dek sykyp ýençdi.

ע

16

Men bular üçin aglaýaryn,
gözýaşlarym sil bolup akýar.
Janyma aram berýän ýok,
teselli beriji menden uzakda.
Çagalarym derbi-dagyn edildi,
çünki duşman üstün çykdy».

פ

17

Sion elini uzadýar,
emma oňa teselli berýän ýok.
Ýakuba duşman boluň diýip,
Reb emr etdi goňşy halklara.
Iýerusalim olaryň arasynda
murdar zada öwrüldi.

צ

18

Reb adyldyr,
men bolsa buýrugyna garşy çykdym,
emma siz, eý, bütin halklar, gulak goýuň,
meniň çekýän derdimi görüň;
sürgün edildi ýaş gyzdyr ýigitlerim.

ק

19

Oýnaşlarymy çagyrdym,
emma olar meni aldawa saldylar.
Ruhanylarym we ýaşulularym
täzeden güýje girmek üçin
özlerine iýmit gözleýärkäler,
şäherde heläk boldular.

ר

20

Seret, ýa Reb, nähili ejir çekýän,
içim ýanýar,
ýüregim çat açýar,
çünki Saňa garşy baş galdyrdym.
Daşarda gylyç gyrýar,
içerde ölüm höküm sürýär.

ש

21

Olar ahy-nalamy eşitdiler,
emma maňa teselli berýän ýok.
Jebrimi ähli duşmanlarym eşitdi,
Seniň muny edeniňe şatlandylar.
Yglan eden günüňi getir,
olar-da meniň ýaly bolsunlar.

ת

22

Ähli pislikleri Saňa aýan bolsun;
tutuş ýazyklarym sebäpli
maňa näme eden bolsaň,
olara hem şony etgin.
Ahy-nalam köpdür,
ýüregim tapdan düşendir.

2

1

א

Wah, Taňry gazap atyna atlanyp-ha,
Sion gyzyny gara buluda gaplady-la!
Ol Ysraýylyň gözelligini
gökden ýere taşlady.
Ol gahary gelen güni Öz
aýagynyň kürsüsini terk etdi.

ב

2

Taňry Ýakubyň ähli mekanyny weýran etdi
hiç rehimdarlyk etmedi.
Ýahuda gyzynyň galalaryny ýykdy
gahar-gazaby ýatmady.
Patyşalygyny hem hökümdarlaryny
masgaralap, ýer bilen ýegsan etdi.

ג

3

Çogýan gahary bilen
Ysraýylyň ähli güýjüni ýok etdi.
Duşman çozanda sag elini yza çekdi.
Daş-töweregini oda berip,
alawly ot kimin Ýakubyň ýurduny ýakdy.

ד

4

Duşman kimin ýaýyny çekdi,
elini galdyrdy ýagy kimin.
Göz-guwanjymyzyň baryny öldürdi;
Sion gyzynyň çadyrynyň üstüne
gazabyny ot kimin pürkdi.

ה

5

Taňry duşman ýaly bolup,
Ysraýyly ýumurdy.
Ähli köşklerini ýykyp,
galalaryny weýran etdi.
Ýahuda gyzynyň ýasdyr
ahy-nalasyny has-da köpeltdi.

ו

6

Ybadathanasyny çatma deý ýykdy,
halkyň ybadat öýüni wes-weýran etdi.
Reb Sionda baýramlardyr
Sabat gününi unutdyrdy.
Gahar-gazaba münüp,
patyşany we ruhanyny ret etdi.

ז

7

Taňry gurbanlyk sypasyny taşlady,
mukaddes öýüni terk etdi.
Köşkleriniň diwarlaryny
duşmanyň eline berdi.
Rebbiň öýündäki duşmanyň gykylygy
baýramçylyk gündäki owaza meňzedi.

ח

8

Reb Sion gyzynyň diwaryny
weýran etmegi ýüregine düwdi.
Ölçeg ýüpüni gerip,
ýykmakdan el çekmedi.
Daşky, içki diwar doldy ýas bile,
ikisi-de ýegsan boldy ýer bile.

ט

9

Onuň derwezeleri ýere çökdi;
Reb kiltlerini döwüp ýok etdirdi.
Patyşasy we ýolbaşçylary
ýat milletleriň arasynda galdy.
Indi halka öwüt-nesihat berilmeýär,
pygamberlerine Rebden görnüş gelmeýär.

י

10

Sion gyzynyň ýaşululary
ýerde çök düşüp otyrlar ümsüm.
Jul geýindiler,
başlaryndan sowurdylar gum.
Başlaryny aşak egdiler,
Iýerusalimiň ýaş gyzlary hem.

כ

11

Gözlerim ýaş dökmekden küteldi,
içim ýanýar.
Eziz halkymyň weýrançylygy zerarly
gara bagrym gan bolýar,
çünki şäheriň köçelerinde
çagalardyr bäbekler mejalsyz ýykylýar.

ל

12

Şäher köçelerinde ýaralanan dek huşuny ýitirýärler.
«Hany çörek we şerap?» diýip,
ejelerine perýat edýärler.
Olaryň gujagynda jan berýärkä:

מ

13

Men saňa näme diýeýin?
Eý, Iýerusalim gyzy, seni nämä meňzedeýin?
Eý, Sion boý gyzy,
teselli berer ýaly, seni nämä deňeşdireýin?
Seniň heläkçiligiň deňiz deý ägirt,
kim şypa berer saňa?

נ

14

Sen hakda pygamberleriň
galp, manysyz görnüşler gördüler.
Öňki kaddyňa dikeltmek üçin
etmişiňi ýüzüňe basmadylar.
Gaýtam, seni ýoldan çykarýan
ýalan görnüşler gördüler.

ס

15

Ähli ötegçiler saňa el çarpýarlar.
Iýerusalim gyzyna sykylyk atyp:
«Bütin dünýäň şatlygy, gözellik görki
diýilýän şäher şumy?» diýşip,
başlaryny ýaýkaýarlar.

פ

16

Ähli duşmanlaryň seni ýaňsylaýarlar,
sykylyk atyp, dişlerini gyjaýarlar.
Olar: «Biz ony ýuwutdyk!
Ine, şudy biziň garaşýan günümiz.
Ahyry muny-da gördük!» diýip gygyryşýarlar.

ע

17

Reb Öz niýetini amala aşyrdy,
owaldan belleýşi ýaly,
Öz sözlerini berjaý etdi.
Seni rehimsizlik bilen heläk etdi,
şat etdi halyňa duşmanyňy,
ýagylaryňa kuwwat berdi.

צ

18

Halk Rebbe ýürekden perýat edýär.
Gije-gündiz gözýaşyň sil bolup aksyn,
Gözleriňiň ýaşy kepemesin,
eý, Sion gyzynyň diwary!

ק

19

Tur! Gijeki nobat başynda perýat et!
Ýüregiňi Taňrynyň huzurynda suw kimin dök!
Her köçäniň başynda açlygyndan ýykylýan
çagalaryňyň jany üçin eliňi ser Oňa.

ר

20

Seret, ýa Reb, halkyňyň halyna bak!
Kimi beýle güne salanyňy gör!
Aýallar öz dogran eziz çagalaryny iýsinlermi?
Ruhany we pygamber mukaddes öýüňde öldürilsinmi?

ש

21

Ýaşy-garrysy ýoluň üstünde ýatyr,
gyzlarymdyr ýigitlerimi gylyçdan geçirdiler.
Gaharyň gelen güni Sen olary öldürdiň,
rehimsizlik bilen baryny gyrdyň.

ת

22

Çar tarapdan maňa howp salanlary çagyrdyň,
baýramçylyk günündäki kimin olary üýşürdiň.
Rebbiň gahary gelen güni hiç kim gaçyp gutulmady,
olaryň arasyndan diri galany bolmady,
söýüp ulaldan çagalarymy duşmanym heläk etdi.

3

1

א

Hudaýyň gazap taýagyndan
hasrat çeken adam men.

2
Ol meni idip,
yşyksyz tüm garaňkylyga getirdi.

3
Ol bütin gün gaýta-gaýta
garşyma elini galdyrdy.

ב

4

Etimi, hamymy çüýretdi,
süňklerimi döwüp taşlady.

5
Üstüme çozup, daşymy gabady,
başyma hasrat hem dert saldy.

6
Bireýýäm ölenler kimin
meni garaňkylykda ýaşatdy.

ג

7

Gaçmaz ýaly daşyma diwar aýlady,
boýnuma agyr zynjyrlar saldy.

8
Perýat edip, kömege çagyranymda,
Ol dilegime gulak salmady.

9
Ýonma daşlar bilen ýolumy ýapdy,
ýodalarymy egreltdi.

ד

10

Hudaý meni peýleýän aýydyr,
bukuda ýatan arslandyr.

11
Ýolumdan azaşdyryp parçalady,
halys sandan çykardy.

12
Ol ýaýyny çekdi,
meni okuna nyşan edindi.

ה

13

Sagdagyndaky oklary atyp,
bagrymy deşdi.

14
Men ähli halkyma gülki boldum,
günuzyn olaryň aýdymy boldum.

15
Ol meni hasratdan doýrup,
ýowşanyň ajy suwuny içirdi.

ו

16

Çagyl bilen dişlerimi owratdy,
kül içinde depip, dyza çökdürdi.

17
Meniň janym rahatlygy unutdy,
şatlygyň nämedigi ýatdan çykdy.

18
Özüme diýdim: «Jandan el üzdüm,
Rebbe bolan ähli umydym öçdi».

ז

19

Hasratymdyr sergezdanlygym hakda oýlansam,
ajy ýowşan bilen zäher-zakgun içen ýalydyr!

20
Janym muny dyngysyz ýatlaýar,
şonuň üçin ýüregim paralanýar.

21
Emma şuny ýatda saklaýan,
şonda ýene-de umyt döreýär:

ח

22

Rebbiň sadyk söýgüsi tükenmezdir ,
çünki Onuň rehimdarlygy bakydyr.

23
Her säher bular täzelenýär,
Seniň wepadarlygyň beýikdir!

24
Janym diýýär: «Reb meniň paýymdyr.
Şoňa görä Oňa intizardyryn».

ט

25

Reb Özüne bil baglaýanlara,
Özüni ýürekden agtarýanlara ýagşydyr.

26
Rebbiň halas edişine
ümsüm garaşmak gowudyr.

27
Adama boýuntyrygy
ýaşlykdan götermek gowudyr.

י

28

Ynsan dymyp, ýalňyz otursyn,
çünki boýuntyrygy dakan Rebdir.

29
Ýere ýüzin ýykylsyn,
belki, umyt bardyr.

30
Özüni urana ýaňagyny tutsun,
masgaralanmakdan doly bolsun.

כ

31

Çünki Taňry hiç wagt
ömürlik terk etmez.

32
Ol birine hasrat çekdirse-de,
bol merhemetine görä rehim-de eder.

33
Hasrat berip, gaýga batyrsa-da,
bulary Ol ýürekden etmez.

ל

34

Ýurduň ähli ýesirleri
aýak astynda depelenende,

35
Beýik Hudaýyň huzurynda
ynsan hukuklary kemsidilende,

36
dawada birine adalatsyzlyk edilen wagty,
Taňry olary görýän dälmidir?

מ

37

Bulary Taňrynyň Özi buýurmasa,
kim buýruk berip ýerine ýetirderdi?

38
Ýagşylyk hem, ýamanlyk hem
Beýik Hudaýyň agzyndan çykmaýarmy?

39
Öz günäleri üçin jezasyn alsa,
diri galan adam näme üçin zeýrensin?

נ

40

Geliň, ýollarymyzy synap göreliň,
täzeden Rebbe gaýdyp baralyň.

41
Geliň, gökdäki Hudaýa
elimizi-de, ýüregimizi-de açalyň.

42
Biz günä edip baş galdyrdyk,
Sen bizi bagyşlamadyň.

ס

43

Kowaladyň bizi gazap bilen,
rehimsizlik bilen öldürdiň.

44
Özüňi buluda bürediň,
dilegler eşidilmesin diýip.

45
Bizi milletler arasynda
syr-süplüge, zir-zibile öwürdiň.

פ

46

Ähli duşmanlarymyz
bizi ýaňsyladylar.

47
Üstümize howp we hile,
harabaçylyk we weýrançylyk abandy.

48
Eziz halkymyň heläkçiliginden ýaňa
gözýaşlarym sil bolup akýar.

ע

49

[49-50] Reb gökden aşak nazar salýança,
gözýaşlarym hiç tükenmez, asla kepemez.

50

51
Şäherimdäki gyzlaryň halyna
ýüregim gyýym-gyýymdyr.

צ

52

Maňa nähak duşman bolanlar
meni guş kimin awlap tutdular.

53
Diriligime çukura taşlap,
üstümden daş okladylar.

54
Suwlar depämden aşdy,
«Men heläk boldum» diýdim.

ק

55

Çukuryň düýbünden
Seni çagyrdym, ýa Reb.

56
«Gulagyňy dykma, perýadyma gulak goý»
diýen sözlerimi eşitdiň.

57
Seni çagyranymda, ýanyma gelip:
«Gorkma!» diýdiň.

ר

58

Eý, Taňry, janymy gutaran Sensiň,
ömrümi halas eden Sensiň.

59
Ýa Reb, maňa edilen adalatsyzlygy gördüň,
meniň hakymy alyp ber.

60
Menden nähili öç alyşlaryny gördüň,
garşyma guran dildüwşüklerini bildiň.

ש

61

Ýa Reb, olaryň masgaralaýşyny eşitdiň,
garşyma guran dildüwşüklerini gördüň.

62
Duşmanlarymyň bütin gün meniň garşyma
edýän hyşy-wyşylaryny we hüňürdilerini eşitdiň.

63
Ertirden agşama çenli
men olaryň ýaňsy aýdymy boldum.

ת

64

Olaryň elleri bilen edenlerini
eginleri bilen çekdir, ýa Reb!

65
Ýüreklerine howsala sal.
Goý, näletiň olaryň üstünden insin!

66
Gazap bilen kowalap,
gökleriň astyndan olary ýok et, ýa Reb!

4

1

א

Wah, altyn nähili garaldy-la!
Sap altyn nähili üýtgedi-le!
Mukaddes daşlar çaşyp ýatyr
her köçäniň başynda.

ב

2

Sionyň jandan eziz çagalary
sap altyndan-da gymmatlydy!
Wah, indi küýzegäriň eliniň işi
gury bir toýna deň bolup galdy!

ג

3

Hatda şagallar-da emjek berip,
öz balalaryny emdirýändir,
emma eziz halkym çöl düýeguşy kimin
çagalaryna rehimsiz boldy.

ד

4

Süýt emýän çaganyň dili
teşnelikden damagyna ýapyşýar.
Çagalar çörek diläp ýalbarýarlar,
emma hiç kim hiç zat bermeýär.

ה

5

Näz-nygmatlar iýip ýaşanlar
köçelerde açlyk çekýärler.
Gyrmyzy don geýip ulalanlar
iýmit gözläp, zir-zibili dörýärler.

ו

6

Çünki eziz halkymyň jezasy
ynsan eli degmezden
bir demde ýykylan
Sodomyň jezasyndan uludyr.

ז

7

Onuň ýolbaşçylary gardan arassa,
süýtden akdylar.
Bedenleri merjenden gyzyl,
daş sypatlary ýakut kimindi.

ח

8

Indi ýüzleri kömürden gara,
köçelerde tanalmaýarlar.
Derileri süňklerine ýapyşyp,
gury agaja döndüler.

ט

9

Açlykdan öleniňden
gylyçdan öleniň gowudyr.
Ýeriň hasylyndan mahrum bolup,
olaryň ömür tanaplary gyryldy.

י

10

Ýuka ýürek aýallar çagalaryny
öz elleri bilen özleri bişirdi.
Eziz halkymyň heläkçilik gününde
çagalary olara iýmit boldy.

כ

11

Reb gahar-gazabyny pürkdi,
lowlaýan gaharyny saçdy.
Siona garşy tutaşdyran ody
onuň düýplerini-de ýandyrdy.

ל

12

Dünýädäki patyşalaryň, ynsanlaryň hijisi
Iýerusalimiň derwezelerinden ýagylardyr
duşmanlaryň girjegine ynanmazdylar.

מ

13

Bularyň bary pygamberleriniň günäsi,
ruhanylarynyň etmişi üçin boldy.
Çünki olar şäheriň ortasynda
dogruçyllaryň ganyny dökdüler.

נ

14

Kör kimin köçelerde entediler,
gan bilen haram boldular.
Muňa görä geýimlerine
el degrip bilen bolmady.

ס

15

Halk olara: «Ýok boluň, eý, haramlar!
Gaçyň! Aýrylyň! Ellemäň!» diýdi.
Şeýdip, olar kowlup, sergezdan boldular.
Milletler arasynda olara şeýle diýildi:
«Bu ýerde mundan artyk galmasynlar!»

פ

16

Rebbiň Özi olary dargatdy,
Reb indi olara nazar salmaz.
Ruhanylaryna hormat goýulmaz,
ýaşulularyna rehim edilmez.

ע

17

Kömege biderek garaşmakdan
gözlerimiz küteldi.
Biz sakçylyk diňinde köp garaşdyk,
halas etmeýän millete garaşan ekenik.

צ

18

Yzymyzy yzarladylar,
köçelerimizde gezip bilmedik;
ahyrymyz golaý, günlerimiz gutardy,
çünki soňumyz ýetip gelipdi.

ק

19

Bizi kowalaýanlar
gökdäki bürgütlerden ýyldamdy.
Olar daglarda bizi yzarladylar,
çölde bizi peýläp ýatdylar.

ר

20

Dirilik nepesimiz, Rebbiň seçip saýlany
olaryň çukuryna gaçdy.
Biz ol hakda: «Onuň saýasynda
milletler arasynda ýaşarys» diýipdik.

ש

21

Eý, Us ýurdunda ýaşaýan
Edom gyzy, şatlan, begen!
Ýöne käse gezegi saňa-da ýeter,
serhoş bolup ýalaňaçlanarsyň şonda.

ת

22

Eý, Sion gyzy, günäňiň jezasy tamamlandy,
Reb indi seni gaýdyp sürgün etmez,
emma seniň etmişiňiň jezasyn berip,
günäleriňi paş eder Ol, eý, Edom gyzy.

5

1

Ýa Reb, biziň başymyza gelenini ýatla.
Seret-de, biziň masgaraçylygymyzy gör!

2
Mirasymyz kesekilere,
öýlerimiz gelmişeklere galdy.

3
Biz atasyz ýetim galdyk,
ejelerimiz bolsa dul galdy.

4
Suwumyzy pul töläp içdik,
odunymyzy-da satyn aldyk.

5
Bizi boýuntyryk dakyp kowaladylar,
tapdan düşdük, dynçlyk bermeýärler.

6
Doýa-garna çörek iýmek üçin
Müsüre we Aşura elimizi serdik.

7
Ata-babalarymyz günä etdiler;
indi olar ýok,
emma olaryň jezasyny biz çekýäris.

8
Üstümizden gullar höküm sürýär,
olaryň elinden bizi halas edýän ýok.

9
Çöldäki garakçynyň gylyjy zerarly
nanymyzy janymyzdan geçip gazanýas.

10
Ýakyp barýan açlygyň derdinden
derimiz ýanýan köz kimin gyzardy.

11
Ýahudanyň şäherlerinde gyzlaryň,
Sionda gelinleriň namysyna degildi.

12
Ýolbaşçylaryny ellerinden asdylar,
baştutanlaryna hormat goýmadylar.

13
Ýigitler degirmen daşyny aýlaýarlar,
olar odun ýüküň astynda ýegşerýärler.

14
Garrylar şäher derwezesinde oturmaýarlar,
ýaş ýigitler saz gurallaryny çalmaýarlar.

15
Ýüreklerimiziň şatlygy kesildi,
tanslarymyz indi ýasa öwrüldi.

16
Başymyzdan täç gaçdy.
Waý halymyza! Çünki günä etdik.

17
Munuň üçin ýüregimiz agyrdy,
gözlerimiz küteldi.

18
Çünki Sion dagy weýran bolup,
şagallar sümsünişip ýör üstünde.

19
Ýöne Sen, ýa Reb, ebedi höküm sürersiň,
Seniň tagtyň nesilden-nesle dowam eder.

20
Neçün Sen bizi ebedilik unudýarsyň?
Neçün bizi uzak wagtlap terk edýärsiň?

21
[21-22] Bize çäksiz gaharlanyp,
bütinleý ret etmedik bolsaň,
bizi Özüňe öwür, ýa Reb, biz öwrüleris,
bize öňki günlerimizi gaýtaryp ber!